Ähli habarlar

«Parlak Nesil» we «NexaGrid» sanly infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Memoranduma gol çekdiler

«Parlak Nesil» we «NexaGrid» sanly infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Memoranduma gol çekdiler

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde Türkmenistanyň «Parlak Nesil» hojalyk jemgyýeti bilen Özbegistanyň «NexaGrid» kompaniýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda Memoranduma gol çekildi.

Gol çekilen Memorandumuň esasy maksady Özbegistan Respublikasynyň çäginde AI maglumat merkezlerini, şeýle hem kriptowalýuta maýningi üçin maglumat merkezlerini döretmek we ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar tehnologik taslamalary durmuşa geçirmek üçin özleriniň tejribelerini we serişdelerini birleşdirmegi maksat edinýärler. «Parlak Nesil» programma üpjünçiligini işläp düzmäge, sanly çözgütleri döretmäge we tehnologik ulgamlary ornaşdyrmaga gatnaşmagy meýilleşdirýär. «NexaGrid» bolsa zerur meýdançalary we infrastrukturany üpjün etmekde, şeýle hem desgalary ulanmaga bermek işlerini guramakda ýardam berer.

Bu hyzmatdaşlyk häzirki zaman sanly infrastrukturasyny ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we giň gerimli tehnologik taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem bu hyzmatdaşlyk hünär tejribesini alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we kompaniýalaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

«Parlak Nesil» we «NexaGrid» sanly infrastruktura ulgamynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen öz tejribelerini, tehnologiýalaryny we mümkinçiliklerini birleşdirmäge taýýardyrlar.