04 / 13Türkmenistan
Aşgabat şäheriniň Ahalteke atçylyk sport toplumy
«Gap İnşaat Yatırım ve Dış Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň Ahalteke atçylyk sport toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Taslamanyň çäklerinde «Parlak Nesil» hojalyk jemgyýeti desganyň gurluşyk-gurnama we tehniki üpjünçilik işlerine gatnaşýar. «Parlak Nesil» tarapyndan desganyň IT infrastrukturasyny döretmek we zerur tehniki ulgamlary üpjün etmek boýunça işler ýerine ýetirilýär. Taslamanyň çäklerinde serwer we tor enjamlarynyň, maglumatlary saklaýyş ulgamlarynyň, kompýuter enjamlarynyň hem-de beýleki IT çözgütleriniň üpjünçiligi we gurnamasy amala aşyrylýar. Şeýle hem içerki tor infrastrukturasynyň gurnama we sazlama işleri, enjamlaryň konfigurasiýasy, ulgamlaryň işe girizilmegi we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Desganyň howpsuzlygyny we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin degişli gözegçilik, aragatnaşyk we beýleki tehniki ulgamlaryň enjamlary bilen üpjünçilik we gurnama işleri hem amala aşyrylýar.