03 / 13Türkmenistan

Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezi

«Gap İnşaat Yatırım ve Dış Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezi» taslamasynyň çäklerinde «Parlak Nesil» hojalyk jemgyýeti gurluşyk-gurnama we IT infrastruktura boýunça degişli işleri ýerine ýetirýär. Taslamanyň çäklerinde serwer enjamlarynyň, maglumatlary saklaýyş ulgamlarynyň, tor enjamlarynyň we beýleki IT infrastruktura çözgütleriniň üpjünçiligi we gurnama işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem içerki tor infrastrukturasynyň gurnalmagy, enjamlaryň sazlanmagy we işe girizilmegi boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, zerur howpsuzlyk we tehniki ulgamlar boýunça enjamlaryň üpjünçiligi, gurnamasy, sazlamasy we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Ähli işler taslamanyň tehniki talaplaryna laýyklykda tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.