02 / 13Türkmenistan
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi
Biz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Aşgabat şäherindäki we welaýat şahamçalaryndaky wideogözegçilik ulgamlaryny, gurnama we hyzmat işlerini birleşdirip, bitewi ulgama birikdirdik. Içerki tor üçin ähli zerur enjamlary, gurnama we tehniki hyzmatlary üpjün etdik. Şeýle hem geçelge nokadynyň gözegçilik ulgamynyň gurnama we hyzmat işlerini ýerine ýetirdik hem-de işgärleriň işe geliş-gidiş wagtyny hasaba alýan programma üpjünçiligini ornaşdyrdyk. Serwerleri, arhiwatorlary, akylly switçleri, gorag diwaryny we içerki IP telefon ulgamy üçin zerur enjamlary üpjün etdik we olara tehniki hyzmatlary ýerine ýetirdik. Resminama dolanyşygy programma üpjünçiligini köne serwerden täze serwere geçirdik. Şeýle hem kompýuterleri we printerleri üpjün etdik, gurnadyk we tehniki hyzmatlaryny ýerine ýetirdik.